HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2022-nji ýylyň Nobel Bayragynyň ýeňijileri belli boldy

Oktýabr 08, 2022 | 01:20 |11226
Däp bolşy ýaly, her ýylyň Oktýabr aýynda kommitetlar ylmyň dürli ugurlarynda ýagny edebiýatda, ykdysadyýetde we parahatçylyk işlerinde sylaglaýarlar.Däp bolşy ýaly, her ýylyň Oktýabr aýynda kommitetlar ylmyň dürli ugurlarynda ýagny edebiýatda, ykdysadyýetde we parahatçylyk işlerinde sylaglaýarlar.
Çeşme:

Däp bolşy ýaly, her ýylyň Oktýabr aýynda kommitetlar ylmyň dürli ugurlarynda ýagny edebiýatda, ykdysadyýetde we parahatçylyk işlerinde sylaglaýarlar.

ORIENT şu hepdäniň dowamynda belli bolan 2022-nji ýylyň Nobel baýragynyň ýeňijilerini we olaryň ylmyň gazananlaryna goşan goşantlaryny size hödürleýär.

Fiziologiýa we Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi

Объявлены все лауреаты Нобелевской премии 2022 года

Lipzig şäherindäki Maks Plank adyndaky Ewolusion Antropologiýa institutynyň direktory Swante Paabo Fiziologiýa we Lukmançylyk boýunça 2022-nji ýylyň Nobel baýragy bilen sylaglandy.

Professor Sibirdäki gowakda 40,000 ýyllyk ýaşy bolan barmak süňkünden DNK çykaryp, adam maşgalasynyň näbelli şahasyny tapdy. Täze gominid adam şekilli maýmynlar maşgalasyna degişli bolup oňa süňküň tapylan ýeri bilen baglanşdyrylyp, Denisowa diýip atlandyryldy.

Nobel Kommiteti Paabonuň bu ylmy açyşy adam ewolýusiýasyny we migrasiýasyny öwrenmekde örän ähmiýetli bolar diýip belleýär.

Fizika boýunça Nobel baýragy

Объявлены все лауреаты Нобелевской премии 2022 года

Fizika boýunça 2022-nji ýylda Nobel baýragy Alain Aspekt, Jon Klause we Anton Zeilinger alymlaryň hasaplamada we kriptografiýada täze amalyýetler üçin kwant mehanikasynda geçiren üstünlikli synaglary üçin sylaglandylar. Alymlar bu ylmy işiň kwant kompýuterlarynyň we kwant internetiniň täze eýýamynyň başlamagyna sebäp boljakdygyna berk ynanýarlar.

Himiýa boýunça Nobel baýragy

Объявлены все лауреаты Нобелевской премии 2022 года

Kerolin Bertozzi, Morten Meldal we Barri Şarpless klik-himiýanyň we bio-ortogonal himiýanyň ösüşine goşan goşantlary üçin 2022-nji ýylyň Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen sylaglandylar.

Nobel kommitetiniň habar bermegine görä, bu üç himik 2000-nji ýyldan bäri himiki işgärleriň molekulalary birleşdirmek baradaky pikirleriniň üýtgemegine sebäp bolan funksional molekulalary döretmek üçin özbaşdak işläpdirler.

Edebiýat boýunça Nobel baýragy

Объявлены все лауреаты Нобелевской премии 2022 года

Nobel kommitetiniň habar bermegine görä, Enni Ernauks adamyň şahsy aňynyň köklerini, jemgyýetden daşlaşmagyny we köpçülikleýin çäklendirmelerini aradan aýyrýan edermenligi we kliniki ýitiligi üçin 2022-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel bayragynyň ýeňijisi boldy.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy

Объявлены все лауреаты Нобелевской премии 2022 года

“Memorial” adam hukuklary guramasynyň we Raýat azatlyklary merkeziniň hukuk goraýjysy Ales Biýaliýatskiý 2022-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026