HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Peterburgyň ýokary okuw mekdepleri we kollejleri bilim aljak türkmen talyplary üçin ýerleriň sanyny artdyrarlar

Sentýabr 30, 2022 | 01:04 |10219
Sankt-Peterburg öz uniwersitetlerinde Türkmenistandan okajak talyplaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Şäher häkimýeti Peterburgyň diňe bir ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, kollejlerinde hem türkmen okuwçylary üçin ýerleriň sanyny artdyrar.Sankt-Peterburg öz uniwersitetlerinde Türkmenistandan okajak talyplaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Şäher häkimýeti Peterburgyň diňe bir ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, kollejlerinde hem türkmen okuwçylary üçin ýerleriň sanyny artdyrar.
Çeşme:

Sankt-Peterburg öz uniwersitetlerinde Türkmenistandan okajak talyplaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Şäher häkimýeti Peterburgyň diňe bir ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, kollejlerinde hem türkmen okuwçylary üçin ýerleriň sanyny artdyrar. Gämi gurluşyk, ýol tehnikasy, gurluşyk ýaly ugurlar hem-de birnäçe beýleki hünärler boýunça bilim alyp bolar. Bular barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça şäheriň gubernatory Aleksandr Beglow žurnalistlere habar berdi diýip, TASS belleýär. Aleksandr Beglowyň baştutanlygyndaky Sankt-Peterburgyň hökümet wekiliýetiniň Aşgabada 26-njy sentýabrda gelendigini ýatlap geçmek gerek.

Şeýle hem taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen paýtagtynda dostluk ýadygärliginiň açylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. “Aşgabat, Türkmenistan Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Sankt-Peterburgyň ýaşaýjylaryny, biziň gabawda galan adamlarmyzy kabul etdi. Men şähermiziň ýaşaýjylarynyň adyndan mähirli kabul edendikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdym. Ýadygärlik binasy iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugyň nyşanyna öwrüler” diýip, gubernator gürrüň berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026