HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Parlamentiniň Başlygy Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Sentýabr 29, 2022 | 08:03 |11552
Duşenbe güni, 27-nji sentýabrda Ýaponiýada ozalky Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşyldy. Tokioda soňky 55 ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde matam çäresi geçirildi diýip, ýapon resmi KHBS habar berýärler.Duşenbe güni, 27-nji sentýabrda Ýaponiýada ozalky Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşyldy. Tokioda soňky 55 ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde matam çäresi geçirildi diýip, ýapon resmi KHBS habar berýärler.
Çeşme:

Duşenbe güni, 27-nji sentýabrda Ýaponiýada ozalky Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşyldy. Tokioda soňky 55 ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde matam çäresi geçirildi diýip, ýapon resmi KHBS habar berýärler.

Müňlerçe adamlar syýasatçyny hatyralamaga geldiler. Olaryň hatarynda bütin dünýäden daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalarynyň ýüzlerçesi – parlamentariler, hökümetleriň we ýurtlaryň baştutanlary bar. Matam çäresine Türkmenistandan 25-nji sentýabrda ýapon paýtagtyna iş sapary bilen gelen türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Спикер парламента Туркменистана встретился с премьер-министром Японии

Tokioda Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň häzirki Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy. Ýapon syýasatçysy bildiren gynanç sözleri hem-de pajygaly ýagdaýda aradan çykan Sindzo Abeni hatyralap beren sadakasy üçin hoşallyk bildirdi. “Biz Siziň beren goldawlaryňyza örän minnetdardyrys” diýip, Fumio Kisida belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkiniçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýapon premýeri Kisida ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça iri möçberli zawodyň gurulmagyny goldady. Ol ýurtlaryň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny belläp, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, ulag hem-de beýleki ulgamlaryndaky geljegi uly taslamalaryna mundan beýläk-de gatnaşjakdyklaryny kepillendirdi.

Спикер парламента Туркменистана встретился с премьер-министром Японии

Gurbanguly Berdimuhamedow, öz nobatynda, ýapon kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyna hem-de beýleki pudaklardaky taslamalara gatnaşmagynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine uly goşant goşýandygyny nygtady.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň parlamentarileriniň işine, ynsanperwer, medeniýet we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news
Foto: rbc.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026
Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

21:40 Sentýabr 17, 2026