HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti we Tatarstanyň baştutany özara söwda dolanyşygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Sentýabr 28, 2022 | 21:27 |9306
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Minnihanow ýurduň sosial-ykdysady ösüşinde ägirt uly üstünlikleri belläp, türkmen liderini we ähli türkmenistanlylary garaşsyzlygyň 31 ýyllygy bilen gutlady, şeýle hem ol Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawy we aýratyn ünsi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Tatarstanyň Prezidenti geçen ýylyň netijeleri boýunça jemi 77,5 million dollar bolan söwda dolanyşygyny bellemek bilen, Aşgabat bilen Kazanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.

Duşuşykda eksport-import amallaryny artdyrmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, nebit öndürmek, gaz daşamak, awtoulag, uçar, gämi gurluşygy, himiki önümler bilen üpjün etmek we ş.m. ýaly ugurlarda mümkinçilikler bellendi.

“Tatarstan Respublikasy” onlaýn neşiri hem oktýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat we Mary şäherlerinde “Türkmenistanda Tatarstan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň” geçiriljekdigini, onuň çäklerinde Wolga Bolgarlary tarapyndan yslamyň kabul edilmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň gurnaljakdygyny habar berdi.

Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanda ýaşaýan tatarlara berýän ünsi we goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026