HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Putin çagalaryň türkmen skripkaçylar toparynyň ýolbaşçysyny Puşkin medaly bilen sylaglady

Sentýabr 26, 2022 | 07:58 |14761
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarka Puşkin medalyny gowşurdy.Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarka Puşkin medalyny gowşurdy.
Çeşme:

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarka Puşkin medalyny gowşurdy.

Sylaglamak dabarasy Magtymguly adyndaky türkmen milli sazly-drama teatrynda Çelýabinsk oblastynyň “Ural” rus döwlet tans toparynyň konsertiniň öň ýanynda geçirildi.

“Şu gün mende RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň tabşyrygy bar, şol tabşyrygy uly kanagatlandyrma bilen ýerine ýetirmek isleýärin” diýip, rus ilçisi aýtdy.

Diplomat Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň halkarynyň ýakynlaşmagyna we medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna goşan uly goşandy üçin Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarkyň Prezident Wladimir Putiniň permany bilen Puşkin medaly bilen sylaglanandygyny habar berdi.

Путин наградил руководителя детского туркменского ансамбля скрипачей медалью Пушкина

Öz nobatynda, Neýmark her bir adamda bütin ömrüniň dowamynda ýatda galýan nähilidir bir pursatlarynyň ýa-da durmuşda şeýle döwrüniň bolýandygyny, häzir özüniň hem hut şeýle pursaty başdan geçirýändigini belledi.

“Düýn Hormatly Prezidentimiz bizi, meniň toparymy we meni – biziň ählimizi bilelikde “Altyn asyr” döwlet baýragy bilen sylaglady. Bu gün bolsa Russiýanyň Prezidenti meni medal bilen sylaglaýar. Bular – gabat gelmeleriň entegem hemmesi däl. Indi meniň gursagymda hem Magtymguly, hem Puşkin bar” diýip, sazanda nygtady.

Ol adamlaryň türkmen sazyndan lezzet alyp bilmekleri üçin “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň jogap sapary bilen Çelýabinsk oblastynda bolmaklaryna umyt bildirdi.

“Men toparymyz barada şeýle alada edýändigi üçin biziň Prezidentimize, Russiýa ilçihanasyna we elbetde, meni şeýle ýokary sylag bilen sylaglan Wladimir Putine hoşallyk bildiýärin. Biziň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugyň, döredijilik dostlugynyň pugtalandyrylmagy ugrunda mundan beýläk-de işlemegi dowam etjekdigimize hem-de bu maksada ymtyljakdygymyza ynandyrýaryn” diýip, Garold Neýmark aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026