HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ulag toplumynyň geljegi pudaklaýyn ýygnakda ara alnyp maslahatlaşyldy

Sentýabr 26, 2022 | 17:28 |7809
“Türkmendemirýollary” agentliginiň mejlisler zalynda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň ýygnagy geçirildi. Ýurduň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasyndaky ýygnak baýramçylyk ruhuna beslendi - özygtyýarlylygyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu pudakda möhüm waka bolup geçdi, ýagny döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda ýurduň dört sebitinde täze ýolagçy awtomenzilleriniň  açylyş dabaralary geçirildi.“Türkmendemirýollary” agentliginiň mejlisler zalynda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň ýygnagy geçirildi. Ýurduň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasyndaky ýygnak baýramçylyk ruhuna beslendi - özygtyýarlylygyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu pudakda möhüm waka bolup geçdi, ýagny döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda ýurduň dört sebitinde täze ýolagçy awtomenzilleriniň  açylyş dabaralary geçirildi.
Çeşme:

“Türkmendemirýollary” agentliginiň mejlisler zalynda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň ýygnagy geçirildi. Ýurduň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasyndaky ýygnak baýramçylyk ruhuna beslendi - özygtyýarlylygyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu pudakda möhüm waka bolup geçdi, ýagny döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda ýurduň dört sebitinde täze ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabaralary geçirildi.

Çäräniň ähmiýeti ýolagçylaryň ulag hyzmaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen bu iri taslamanyň sosial ugry bilen kesgitlenýär. Mundan başga-da, hepdäniň anna güni hökümet ýolagçy gatnawyny gowulandyrmak maksady bilen 1000 sany täze Toyota Coaster awtobusyny we 250 sany Toyota Hiace awtobusyny satyn almak kararyny tassyklady.

Ulag pudagynyň işde tapawutlanan birnäçe wekiline döwlet baýraklarynyň gowşurylmagy we olara söz berilmegi hem bu ýygnagyň baýramçylyk dabarasyny artdyrdy.

Duşuşykda dabaraly çykyşlardan we hoşallyk sözlerinden başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet geňeşinde eden çykyşynda beýan eden maksatlaryna laýyklykda, ýurduň ulag toplumynyň ösüşindäki derwaýys meseleler bellenip geçildi.

Bu meseleler ulag we aragatnaşyk pudagynyň ýolbaşçylaryndan we onuň köpsanly kärhanalaryndan has köp ünsi talap edýär, sebäbi, olaryň durnukly, ygtybarly işi pudagyň, ýurduň we onuň sebitleriniň yklym derejesindäki bitewi we möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde depginli ösüşiniň esasyny düzýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026