HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: uçar kerosini, polipropilen we tüýjümek önümler geleşikleriň esasy ugurlary boldy

Sentýabr 24, 2022 | 18:18 |9154
Penşenbe güni 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $5 million we 396 müň manat bolan 7 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $5 million we 396 müň manat bolan 7 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $5 million we 396 müň manat bolan 7 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Wirginiýa adalarynyň wekili umymy bahasy $4,3 million bolan ТS-1 görnüşli uçar kerosininiň 4,4 müň tonnasyny satyn aldy. Nebit önüminiň bahasyny bir tonnasyna $984 bilen bahalandyrdylar.

Türkiýaniň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň işewürleri umumy bahasy $488,4 müň bolan TPP Z 30 görnüşli polipropileniň jemi 400 tonnasyny satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar. Olar harydyň her bir tonnasyna $1 221 hödürlediler.

Azerbaýjanyň telekeçisi dürli görnüşli tüýjümek önümleriniň 44 müň tonnasyny $242 müň almak üçin şertnama gol çekdi.

Içerki bazarda ýerli telekeçi T60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 22 tonnasyny 396 müň manada satyn aldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news
Foto: freepik.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026