HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çapar goşundysynda jemagat hyzmatlarynyň, çapar çagyrmagyň tölegleri we ençeme beýlekiler

Sentýabr 24, 2022 | 04:08 |7360
Android we iOS platformasynda telefonlar üçin Çapar goşundysy islendik adama gündelik durmuşynda gerek bolup biljek köp sanly peýdaly hyzmatlara eýedir.Android we iOS platformasynda telefonlar üçin Çapar goşundysy islendik adama gündelik durmuşynda gerek bolup biljek köp sanly peýdaly hyzmatlara eýedir.
Çeşme:

Android we iOS platformasynda telefonlar üçin Çapar goşundysy islendik adama gündelik durmuşynda gerek bolup biljek köp sanly peýdaly hyzmatlara eýedir.

Goşundynyň mazmuny çylşyrymly wezipeleriň çözülmegini awtomatlaşdyrmakda hem-de adamlara köp wagtlaryny möhüm döredijilik işlerine üns bermegine kömek etmekden ybaratdyr.

Ol bir ekrandan ykjam we öý telefonynda, internetde, IPTV-de, kabel telewideniýesinde şahsy pul hasabynyň ýagdaýyna bir wagtynyň özünde syn etmäge mümkinçilik berýär hem-de ýol polisiýasynyň jerimeleriniň bardygy barada habar berýär.

Оплата коммунальных услуг, вызов курьера и многое другое – в приложении Çapar

Çapar goşundysynyň üsti bilen öýden çykmazdan, suwuň we elektrik energiýasynyň ulanylandygyna töleg geçirmek bolar, şeýle hem içerki howa we demir ýol gatnawlaryna petek satyn almak mümkin. Telekeçiler üçin ygtyýarnamalary tölemek boýunça hyzmatlaryň üstünde işlenilýär.

“Türkmenpoçta” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasyna degişli bolan goşundy şäher we ýurt boýunça bukjalary hem-de resminamalary ibermek üçin çapary çagyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Goşundynyň kömegi bilen siz, şeýle hem trek-belgi boýunça iberilen zadyň barýan ýerini yzarlap bilersiňiz, şoňa görä-de, iberen goşuň ýa-da hatyň barmaly salgysyna barandygy ýa-da heniz ýoldadygy barada hemişe habarly bolarsyňyz.

“Türkmenpoçta” aragatnaşyk kompaniýasynyň hyzmatlary baradaky goşmaça maglumatlary 075 gysga telefon belgisinden bilip bilersiňiz.

ORIENT
Foto: freepik.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026