Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

TDHÇMB-niň söwdalary: polietilen we dizel ýangyjy islegden peýdalanyldy

Sentýabr 18, 2022 | 20:32 |8784
Anna güni, 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $6,3 million bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni, 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $6,3 million bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Anna güni, 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $6,3 million bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-niň we Türkiýäniň işeürleri $3,6 milliona Т60-475-119 görnüşli polietileniň jemi 5 müň tonnasyny satyn aldylar. Harydyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, $8 gymmatlap, bir tonnasynyň bahasy $738 deň boldy.

BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlary $2,7 milliona EKO-5 görnüşli gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 3 müň tonnasyny satyn aldylar. Harydyň bir tonnasynyň bahasy $901,75 barabar boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news
Foto: unsplash.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026