HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Putin Russiýanyň Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýändigini mälim etdi

Sentýabr 16, 2022 | 04:12 |9448
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ŞHG sammitiniň çäginde Türkmenistanyň lideri Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda: - “Russiýa Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmak isleýär” – diýdi.Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ŞHG sammitiniň çäginde Türkmenistanyň lideri Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda: - “Russiýa Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmak isleýär” – diýdi.
Çeşme:

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ŞHG sammitiniň çäginde Türkmenistanyň lideri Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda: - “Russiýa Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmak isleýär” - diýdi.

Russiýanyň lideri “Gazprom”-yň we “Tatneft”-iň türkmen hyzmatdaşlary bilen alyp barýan üstünlikli uzakmöhletli işini bellemek bilen, Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklarda energetikanyň aýratyn ornuna ünsi çekdi.

Putin rus kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegi üçin zerur şertleriň döredilendigi üçin Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. RF Prezidenti Russiýanyň gatnaşmagynda ýurtda jemi 190 kärhananyň ykdysady iş alyp barýandygyny aýtdy.

– Biz ykdysady gatnaşyklarymyzy özara gatnaşyklaryň beýleki ugurlary arkaly diwersifikasiýa etmegi maksat edinýäris – diýip, Russiýanyň baştutany aýtdy. – Oba hojalygyny, dokma senagatyny göz öňünde tutýaryn. Türkmenistanyň bazaryna çig mal däl önümleriň üpjünçiligini artdyrmaga taýýardyrys.

Duşuşykda Russiýa Federasiýasynyň 60 subýektiniň Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi habar berildi. Olaryň köpüsi bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda şertnamalar baglaşyldy.

ORIENT news
Foto: Süleýman Çaryýew

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026
Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

00:01 Sentýabr 11, 2026