HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Baştutanynyň BAE-ne saparyna gol çekmek üçin resminamalaryň toplumy taýýarlanylýar

Sentýabr 15, 2022 | 04:53 |9435
Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti  12-16-njy sentýabr aralygynda BAE-ne dowam edýän iş saparynyň barşynda BAE-niň DIM-de döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg bilen duşuşyk geçirdi.Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti  12-16-njy sentýabr aralygynda BAE-ne dowam edýän iş saparynyň barşynda BAE-niň DIM-de döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme:

Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 12-16-njy sentýabr aralygynda BAE-ne dowam edýän iş saparynyň barşynda BAE-niň DIM-de döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg bilen duşuşyk geçirdi.

Prezident Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE-ne boljak resmi saparyny guramak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýokary derejedäki türkmen-arap gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekmäge taýýarlanylýan resminamalaryň toplumyna garaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmen wekiliýeti, şeýle hem BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui, Abu-Dabiniň portunyň baş ýerine ýetiriji direktory we dolandyryjysy Saif Muhamed Juma Al Şamisi, Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi, “Masdar” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Mohamed Jamil Al Ramahi bilen duşuşyklary geçirdi.

Hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisini taýýarlamak gozgalan meseleleriň hatarynda boldy. Şol mejlisi 2022-nji ýylda Abu-Dabide geçirmek meýilleşdirildi.

Türkmen wekiliýetiniň şu iş sapary türkmen Lideriniň BAE-ne boljak saparynyň buşlukçysyna öwrüldi hem-de onuň çäklerinde geçiriljek hökümet derejesindäki gepleşikleriň gün tertibini ylalaşmaga we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

ORIENT news
Foto: gccexpats.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026