HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalyň täze merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda resminama gol çekdi

Sentýabr 12, 2022 | 20:43 |6785
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde bina ediýän ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda resminama gol çekdi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde bina ediýän ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda resminama gol çekdi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde bina ediýän ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda resminama gol çekdi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Resminamanyň maksady ýaşaýyş jaýyna mätäç adamlary öý bilen üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmekden we Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem döwlet Baştutany täze welaýat merkeziniň häkimliginiň düzümini we işgär birligini hem-de täze merkezi gurmak boýunça Döwlet komiteti baradaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky karara gol çekdi. Düzgünnama bilen Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalaryň müdiriýetini Döwlet komitetine birleşdirmek tabşyryldy.

Türkmen Lideri resminamalara Ahalyň täze merkeziniň çäklerinde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi, sapary wagty döwlet Baştutany gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Serdar Berdimuhamedow lukmançylyk, okuw-terbiýeçilik we sport maksatly desgalaryň gurulmagyna aýratyn üns berip, olaryň şäheriň ýaşaýjylarynyň abadançylygy üçin möhümdigini belledi.

Ahalyň täze merkeziniň birinji tapgyryny şu ýylyň dekabrynda ulanmaga bermek maksat edinilýär. Taslamada 70 müňe golaý adamyň ýaşamagyna niýetlenilen köpöýli ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň jemi 384-sini gurmak göz öňünde tutuldy.

ORIENT news
Foto: Maksim Papanow

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026