Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wiza bölümi çäklendirilen tertipde işleýär


Germaniýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda: – GFR-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wiza bölümi, işgärler bilen baglanyşykly ýagdaý sebäpli, çäklendirilen tertipde işlär – diýlip, habar berilýär.
Bölümiň işgärleri soraglaryňyzy habarlaşma formulýary arkaly ibermegiňizi maslahat berýärler. Telefon boýunça maslahatlar hepdede 4 gün – duşenbe-penşenbe günleri sagat 14:00-dan 15:00-a çenli: (+993 62) 82 43 04; (+993 62) 82 43 08 belgilerde geçirilýär.
Şengen wizasy üçin arzalara garamagyň möhleti adatça 15 iş gününden ybarat.
Şeýle hem, saýtda 2022-nji ýylyň 11-nji iýunyndan başlap, COVID-19 sebäpli Germaniýa girmek baradaky ähli çäklendirmeleriň wagtlaýynça ýatyrylandygy we sanjym pasportynyň görkezilmeginiň we öňki keseliň ýa-da synagyň tassyklanmagynyň talap edilmeýändigi habar berilýär.
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň 2022-nji ýylyň awgust aýynda dikeldilendigini ýatladýarys. Uçuşlar hepdede iki gezek – çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylýar.
ORIENT news








