HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: eksporta göni işlenilen benzin we dizel ýangyjy ýerlenildi

Sentýabr 10, 2022 | 07:10 |7874
Penşenbe güni, 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebit önümlerini eksport etmäge umumy bahasy $7,8 million bolan  geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebit önümlerini eksport etmäge umumy bahasy $7,8 million bolan  geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni, 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebit önümlerini eksport etmäge umumy bahasy $7,8 million bolan geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýäniň işewüri umymy bahasy $190,4 müň bolan göni işlenilen benziniň 325 tonnasyny satyn aldy. Harydyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 1,7% pese düşüp, bir tonnasynyň bahasy $586 deň boldy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekili bahasy $7,6 million bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 7,6 müň tonnasyny almaga geleşik baglaşdy. Nebit önüminiň bahasy ozalky baglaşylan şertnamalar bilen deňeşdirilende, 1% artyp, bir tonnasynyň bahasy $1 008,25 barabar boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news
Foto: novoeizdanie.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026