Merkezi Aziýa ýurtlary we Aýlagyň arap döwletleri hyzmatdaşlygyň bäş ýyllyk ýol kartasyny kabul etdiler


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Pars aýlagynyň Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň agza ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýän 2023-2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereket meýilnamasyny kabul etdiler.
Gatnaşyjylar Er-Riýadda Strategik dialogyň çagyrylmagyny goldadylar we umumy gymmatlyklara we bähbitlere esaslanýan ýurtlaryň arasynda pugta hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrarlydyklaryny aýtdylar.
Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bu çäräniň Aşgabat tarapyndan sebitleriň arasynda özara gatnaşyklaryň doly görnüşini döretmek ugrundaky ilkinji möhüm ädim hökmünde garalýandygyny aýtdy.
Pars aýlagynyň Arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň agza ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri söwda, maýa goýum, syýahatçylyk we energiýa pudagynda bar bolan mümkinçilikleri iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin başlangyç nokat hökmünde ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar Pars aýlagynyň Arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilkinji ykdysady forumyny Astanada 2023-nji ýylyň iýun aýynda geçirmek baradaky teklibi, şeýle hem Strategik dialogyň ikinji ministrler duşuşygyny geljek ýyl Samarkantda geçirmek baradaky başlangyjy makulladylar.
– Saud Arabystanyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer – diýip, ýurduň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
ORIENT news
Foto: mfa.uz








