Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky täze ilçisi wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynda täze bellenen ilçisi Begenç Durdyýew ýurduň daşary işler ministriniň protokol meseleleri boýunça orunbasary Rýu Jongýune ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşykda taraplar esasy ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depginini nygtadylar hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary iň ýokary derejede alyp barmak işini dowam etmegiň zerurdygyny bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin pugta esas bolup hyzmat edýändigi bellenildi diýlip, Türkmenistanyň Koreýadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda Begenç Durdyýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesini berdi hem-de ony Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi wezipesine belledi.
Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasy 2013-nji ýylyň dekabrynda açyldy. 2007-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda Günorta Koreýanyň ilçihanasy açyldy. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistanda Günorta Koreýanyň iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi, şol sanda Gyýanlyda gazhimiýa toplumy ulanmaga berildi.
ORIENT news








