HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow we Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary gepleşikleriň geljegine baha berdiler

Sentýabr 06, 2022 | 16:08 |12098
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi, söhbetdeşligiň dowamynda myhman özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramanyň Türkmenistan bilen öndürijilikli gepleşikleri ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi, söhbetdeşligiň dowamynda myhman özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramanyň Türkmenistan bilen öndürijilikli gepleşikleri ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi, söhbetdeşligiň dowamynda myhman özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramanyň Türkmenistan bilen öndürijilikli gepleşikleri ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.

Prezident geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň synçy hökmünde goşulan TDG bilen özara gatnaşyklaryň netijelidigini aýtdy.

Geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada söhbetdeşler söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, infrastruktura we maýa goýum pudaklaryndaky geljegi uly taslamalary belläp geçdiler.

Esasy umumy ruhy gymmatlyklardan we maddy medeniýet mirasyndan düzülen ähli türki dilli halklar üçin möhüm ähmiýete eýe bolan gumanitar hyzmatdaşlyk meseleleri hem ünsden düşürilmedi.

Duşuşykda 2022-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän TDG-nyň sammitinde ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meselelere aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Bagdat Amreýew taraplaryň öndürijilikli özara gatnaşyklaryna ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026