HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Stawropolly türkmen Habib Nurmagomedowyň ligasynyň guşagyna eýe bolmaga dalaş edip biler

Awgust 29, 2022 | 15:50 |11628
Stawropol ülkesiniň Türkmen okrugynyň Kenje-Kulak obasynyň ýaşaýjysy Bahtiýar Orazgeldiýew EAGLE FC. ligasynda üçünji gezek yzly-yzyna wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Ozal şeýle üstünligi Habib Nurmagomedow gazanypdy.Stawropol ülkesiniň Türkmen okrugynyň Kenje-Kulak obasynyň ýaşaýjysy Bahtiýar Orazgeldiýew EAGLE FC. ligasynda üçünji gezek yzly-yzyna wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Ozal şeýle üstünligi Habib Nurmagomedow gazanypdy.
Çeşme:

Stawropol ülkesiniň Türkmen okrugynyň Kenje-Kulak obasynyň ýaşaýjysy Bahtiýar Orazgeldiýew EAGLE FC. ligasynda üçünji gezek yzly-yzyna wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Ozal şeýle üstünligi Habib Nurmagomedow gazanypdy.

Bahtiýar Orazgeldiýew sport bilen meşgullanmaga 12 ýaşyndan başlady diýip, ol barada Sports.ru. ýazýar. “Men altynjy synpdan soň, Türkmen okrugyndaky obadan Stawropola göçdüm. 14 ýaşa golaýlamda başa-baş el-aýak söweşi boýunça ýaryşlarda çykyş edip başladym. Ilkibaşda birki ýaryşlarda ýeňildim, soňra çykyşlarym ugruna bolup, ýeňip başladym. 17-18 ýaşymda men SDU-nyň birinji kursunda okaýardym we ýaryşa gatnaşanymda boýnuma şikes ýetdi” diýip, EFC-niň söweşijisi gürrüň berýär.

Ставропольский туркмен может стать претендентом на пояс лиги Хабиба Нурмагомедова

Şikes sebäpli Bahtiýar Orazgeldiýew bäş ýyl dowamly uly arakesme almaly boldy. Okuwyny tamamlap, ol goşun gullugyna gitdi – şol ýerde hem onuň uly sporta tarap ýoly başlandy.

“Biraz soňra täzeden dikelip, türgenleşmäge, gulluk edýän goşunymyň adyndan başa-baş el-aýak söweşi boýunça ýaryşlarda çykyş edip başladym. Harby bölüme işe ýerleşdim. Işiň adyndan goşun başa-baş el-aýak söweşi boýunça SKFO çempionatyna gatnaşmaga gitdim hem-de ýeňiş bilen gaýdyp geldim. Şonda hem maňa bir ýoldaş jaň edip, 70 kilogram agramda söweşmegi haýyş etdi: EFC-de adam ýetmeýär eken” diýip, stawropolly ýatlaýar.

Ставропольский туркмен может стать претендентом на пояс лиги Хабиба Нурмагомедова

Söweşijiniň şol wagt laýyk 72 kilogram agramy bar eken we ol talaplara laýyk gelipdir. Ýaryşda ol nokaut bilen özüniň ilkinji ýeňşini gazandy. Şonuň netijesinde, ony liganyň esasy düzümine çagyrýarlar, soňraky ýeňişlerinden soň bolsa Bahtiýara resmi şertnama gol çekmegi teklip edýärler.

“Ýylyň ahyryna ýakyn guşagy almaga dalaş etmäge gatnaşmak üçin söweş geçirmegi maksat edinýärin” diýip, türgen sözüniň üstüni ýetirdi.

Stawroplolly her gün irden we agşam türgenleşýär, onuň EFC-niň eýesi Habib Nurmagomedow bilen gürleşmek hem-de ondan geljek üçin maslahatlary almak meýilleri bar.

Ставропольский туркмен может стать претендентом на пояс лиги Хабиба Нурмагомедова

Iýul aýynda Bahtiýar Orazgeldiýew Gazagystanda, Almatu şäherinde garyşyk başa-baş söweşler (MMA) boýunça ýaryşda garşydaşyny ýeňdi. Ýeňşinden soň, söweşiji mähriban ülkesine gaýdyp geldi, şol ýerde ol Stawropolýanyň türkmenleriniň milli guramasynyň başlygy Myrat Hajyýew we guramanyň agzalary tarapyndan hormat bilen garşylandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026