Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi


Hepdäniň anna güni Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norowyň gatnaşmagynda türkmen-özbek syýasy geňeşmeler geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn görnüşde we köptaraplaýyn halkara guramalarynyň çäginde syýasy-diplomatik ugurda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Daşkentde we Samarkantda ýokary derejede geçirilen türkmen-özbek duşuşyklarynyň dowamynda gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.
Taraplar oňyn dinamika bilen häsiýetlendirilýän söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Medeni we gumanitar gatnaşyklary giňeltmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýän şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigi bellendi.
Geňeşmeleriň dowamynda halkara we sebitara derejesindäki ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda indiki türkmen-özbek syýasy geňeşmeleriniň teswirnamasyna gol çekildi.
ORIENT news








