HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat prosessine gatnaşan ministrleriň Jemleýji beýannamasy kabul edildi

Awgust 17, 2022 | 15:50 |15724
2022-nji ýylyň 15-nji we 16-njy awgustynda Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Jemleýji beýannamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.2022-nji ýylyň 15-nji we 16-njy awgustynda Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Jemleýji beýannamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.
Çeşme:

2022-nji ýylyň 15-nji we 16-njy awgustynda Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Jemleýji beýannamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.

Forumyň jemleýji mejlisini wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow geçirdi. Ol maslahatyň iki günlük işini, onuň netijelerini we meýilleşdirilen kararlary, tematik bölümleriň çägindäki pikir alyşmalary we çekişmeleri, ministrleriň eden çykyşlaryny umumylaşdyryp, jemledi we şonuň netijesinde jemleýji resminama taýýar edildi.

Принято Итоговое заявление министров-участников Ашхабадского процесса

Meredow bu resminama barada durup geçip, beýannamanyň COVID-19 pandemiýasyndan soň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly dikeldilmegi üçin ulag aragatnaşygynyň barha artýan ornuna ünsi çekip, bu arabaglanyşygy giňeltmäge we Wena hereket maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga çagyrýandygyny belläp geçdi.

Принято Итоговое заявление министров-участников Ашхабадского процесса

Jemleýji beýannama transport işjeňliginiň pandemiýadan soň bütin dünýä derejesinde dikelip başlandygyna garamazdan, bu işiň henizem gowşakdygyny, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň yzda galýandygyny tassyklaýar. Şonuň üçin bölünip berlen serişdeler durnukly ulag infrastrukturasynyň ösüşine öz öňyn täsirini mese-mälim ýetirip biler.

Resminama geçelgeleri we sebit aragatnaşygyny, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlaryny we bökdençsiz ulag we söwda baglanyşyklaryny ösdürmäge çagyrýar.

Принято Итоговое заявление министров-участников Ашхабадского процесса

Jemleýji beýannama deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň has gowy aragatnaşygyny gazanmak üçin, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň, howanyň üýtgemeginiň üstaşyr, söwda üpjünçiligini bozup biljekdigini göz öňünde tutup, bu döwletleriň CO2 zyňyndylary pes bolan energiýa çeşmelerine we tehnologiýalaryna geçmegine ýardam etmegiň möhümdigini görkezýär.

Beýannama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardaky taslamalar üçin maýa goýumlaryny we maliýeleşdirmegi dürli çeşmeleriň hasabyna köpeltmäge çagyrýar we Aşgabat prosesiniň çäginde yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklaryň, köptaraplaýyn geňeşmeleriň, ynam dörediji we okuw çäreleriniň ähmiýetini belleýär.

Принято Итоговое заявление министров-участников Ашхабадского процесса

Şeýle hem, beýannama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan üstaşyr ýurtlary 2024-nji ýylda ýokary derejede geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-nyň üçünji maslahatyna taýýarlyk işlerine we maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Resminamanyň mazmuny bilen şu ýerde doly tanyşmak bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026