HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Dubaýyň we Abu-Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip edýär

Awgust 17, 2022 | 15:34 |14024
Ulag-logistika ugurlaryny açmak we Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň, Abu-Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlary ulgamyna birleşmek mümkinçiliklerini wise-premyer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazrui ara alnyp maslahatlaşdylar.Ulag-logistika ugurlaryny açmak we Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň, Abu-Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlary ulgamyna birleşmek mümkinçiliklerini wise-premyer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazrui ara alnyp maslahatlaşdylar.
Çeşme:

Ulag-logistika ugurlaryny açmak we Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň, Abu-Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlary ulgamyna birleşmek mümkinçiliklerini wise-premyer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazrui ara alnyp maslahatlaşdylar.

Olar duşenbe güni Awazada açylan ulag forumynyň çäginde duşuşdylar. Prezident Muhammet bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy boýunça ýakyn wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BAE-ne resmi saparynyň gurnaljakdygyny bellemek bilen, söhbetdeşler syýasy gatnaşyklaryň derejesine hem baha berdiler.

Туркменистан предлагает наладить взаимодействие с портами Дубая и Абу-Даби

Birnäçe hepde soňra,ýagny 7-8-nji sentýabr aralygynda Pars aýlagynyň Arap döwletleri üçin Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza döwletler bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça ilkinji ýygnagyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Туркменистан предлагает наладить взаимодействие с портами Дубая и Абу-Даби

Gepleşiklerde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin ägirt uly mümkinçilikler, iki ýurduň ýangyç we energiýa mümkinçilikleri, Türkmenistanyň Emirlikleriň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy bellenildi.

Taraplar BAE-niň gatnaşmagynda Türkmenistanda gaz-himiýa, maliýe we ulag ulgamlarynda taslamalary öňe sürmek we başga-da birnäçe şertnamalary, şol sanda Jebel şäherinde howa menziliniň, Serdar etrabyndaky gibrid elektrik bekediniň we Türkmenabatda garyşyk mineral dökünleri öndürýän himiki zawodyň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek yaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Туркменистан предлагает наладить взаимодействие с портами Дубая и Абу-Даби

Mundan başga-da, dokma pudagynda, ýagny türkmen harytlaryny BAE-niň bazaryna, Aýlag we Afrika ýurtlaryna eksport etmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda suwy süýjetmek, çölleşme we daşky gurşawy goramak meselelerine üns berildi.

Türkmenistan bilen IRENA gaýtadan dikeldilýän eneriýa çeşmeleri boýunça Halkara agentliginiň (Masdar, BAE) arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek niýeti mälim edildi.

Туркменистан предлагает наладить взаимодействие с портами Дубая и Абу-Даби

Türkmenistan IRENA bilen hyzmatdaşlygyň çäginde halkara ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmäge, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanyp boljak alternatiw energiýa tehnologiýalarynyň işlenip taýýarlanylýan we synagdan geçirilýän ýeri bolmaga taýyn. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada IRENA-nyň utgaşdyryjy ofisini açmak teklip edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026