HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-nyň Baş sekretary – Ulag aragatnaşygy ýurtlarymyzyň geljegi üçin iňňän möhümdir

Awgust 17, 2022 | 15:26 |10952
Ulag aragatnaşygy biziň ýurtlarymyzyň geljegi üçin, hususan-da, söwdanyň bahasyny peseltmek we dünýä bazarlaryna çykmagy gowulandyrmak, ykdysadyýetleriň we adamlaryň birleşmegine ýardam etmek, şeýle hem DÖM-na ýetmek üçin möhümdir.Ulag aragatnaşygy biziň ýurtlarymyzyň geljegi üçin, hususan-da, söwdanyň bahasyny peseltmek we dünýä bazarlaryna çykmagy gowulandyrmak, ykdysadyýetleriň we adamlaryň birleşmegine ýardam etmek, şeýle hem DÖM-na ýetmek üçin möhümdir.
Çeşme:

Ulag aragatnaşygy biziň ýurtlarymyzyň geljegi üçin, hususan-da, söwdanyň bahasyny peseltmek we dünýä bazarlaryna çykmagy gowulandyrmak, ykdysadyýetleriň we adamlaryň birleşmegine ýardam etmek, şeýle hem DÖM-na ýetmek üçin möhümdir.

Bu barada BMG-nyň Baş sekretary António Guterriş “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly minisrtler derejesindäki maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip aýtdy.

– Dürli sebäplere görä, häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak üçin uly päsgelçilikler bar – diýip Guterriş aýtdy. Serhet geçelge nokatlarynyň köp bolmagy, çylşyrymly ulag we serhet amallary, şeýle-de pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeler çykdajylaryň we bökdençlikleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

– Ulagy öňki ösüş ýoluna getirmek üçin biz bilelikde işlemeli, – diýip BMG-nyň Baş sekretary aýtdy. – Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin bu zerurlygy çäreleri we olara edilen çykdajylaryň netijeliligini beýan edýän “ýol kartasy” arkaly çözüp bolar.

Guterriş Awazada geçirilen maslahata gatnaşýan ýurtlary öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin innowasiýalary we tehnologiýalary ulanmaga, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary durnukly ulag we arabaglanyşyklylyk bilen üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026