"Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022" atly halkara maslahaty we sergisi oktýabr aýynyň ahyrynda geçiriler


26-27-nji oktýabrda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022" (OGT-2022) atly 28-nji Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Baýry forum "Türkmen Forum" HJ bilen hyzmatdaşlykda "Türkmengaz", "Türkmennebit" Döwlet konsernleri we "Türkmengeologiýa" Döwlet korporasiýasy tarapyndan guralar.
«GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldawy bilen guraljak bu forum halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir we ýurtda hem-de dünýäde nebit-gaz pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçiriljek OGT-2022 Halkara sergisi nebit-gaz bazaryndaky öňdebaryjy kompaniýalary we Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň wekillerini bir ýere jemlär. Serginiň üç gün - 26-njy oktýabrdan 28-nji oktýabr aralygynda dowam etmegi meýilleşdirilýär.

Maslahatda delegatlar iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda halkara derejesine laýyklykda ägirt hasaplanýan Galkynyş gaz ýatagyny özleşdirmegiň indiki tapgyrlary, TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek ýaly meseleler, şeýle hem, ÝET-nyň ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze taslamalaryň geljegi barada pikir alyşarlar.
Maslahat, adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň nebit-gaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny geçirmäge mümkinçilik döreder.
ORIENT news








