HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022" atly halkara maslahaty we sergisi oktýabr aýynyň ahyrynda geçiriler

Awgust 12, 2022 | 00:34 |15231
26-27-nji oktýabrda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022" (OGT-2022) atly 28-nji Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Baýry forum "Türkmen Forum" HJ bilen hyzmatdaşlykda "Türkmengaz", "Türkmennebit" Döwlet konsernleri we "Türkmengeologiýa" Döwlet korporasiýasy tarapyndan guralar.26-27-nji oktýabrda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022" (OGT-2022) atly 28-nji Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Baýry forum "Türkmen Forum" HJ bilen hyzmatdaşlykda "Türkmengaz", "Türkmennebit" Döwlet konsernleri we "Türkmengeologiýa" Döwlet korporasiýasy tarapyndan guralar.
Çeşme:

26-27-nji oktýabrda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022" (OGT-2022) atly 28-nji Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Baýry forum "Türkmen Forum" HJ bilen hyzmatdaşlykda "Türkmengaz", "Türkmennebit" Döwlet konsernleri we "Türkmengeologiýa" Döwlet korporasiýasy tarapyndan guralar.

«GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldawy bilen guraljak bu forum halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir we ýurtda hem-de dünýäde nebit-gaz pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçiriljek OGT-2022 Halkara sergisi nebit-gaz bazaryndaky öňdebaryjy kompaniýalary we Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň wekillerini bir ýere jemlär. Serginiň üç gün - 26-njy oktýabrdan 28-nji oktýabr aralygynda dowam etmegi meýilleşdirilýär.

Международная конференция и выставка «Нефть и газ Туркменистана–2022» пройдут в конце октября

Maslahatda delegatlar iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda halkara derejesine laýyklykda ägirt hasaplanýan Galkynyş gaz ýatagyny özleşdirmegiň indiki tapgyrlary, TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek ýaly meseleler, şeýle hem, ÝET-nyň ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze taslamalaryň geljegi barada pikir alyşarlar.

Maslahat, adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň nebit-gaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny geçirmäge mümkinçilik döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

18:36 Iýul 14, 2026
CARAVAN taslamasynyň mirasy: 56 million yzarlamalar we media dialogda Türkmenistanyň sesi

CARAVAN taslamasynyň mirasy: 56 million yzarlamalar we media dialogda Türkmenistanyň sesi

18:30 Iýul 14, 2026
2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň taktiki tapmaçalary: futbol intellekti atletiki güýji ýeňip bilermi?

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň taktiki tapmaçalary: futbol intellekti atletiki güýji ýeňip bilermi?

18:02 Iýul 14, 2026