HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awaza dynç aljak has köp adamlary kabul edip biler – täze kottejler toplumy açyldy

Awgust 02, 2022 | 19:45 |22907
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni, zähmet rugsadynyň ilkinji gününde Awazada nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni, zähmet rugsadynyň ilkinji gününde Awazada nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni, zähmet rugsadynyň ilkinji gününde Awazada nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hazaryň deňiz şypahanasynda maşgala bolup dynç almaga niýetlenilen, “Rowaç” diýilip atlandyrylan täze merkez iki gatly öýleriň 48-sini özünde jemleýär. Taslamasynyň oňaýly meýilleşdirilmegi netijesinde, olaryň her birinde maşgalalaryň birnäçesi we umuman, 900-e çenli adam ýerleşip biler.

Serdar Berdimuhamedow toplumyň çäklerini gözden geçirdi, kottejlere baryp gördi, şolarda maşgala bolup dynç almak üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Öýleriň her birinde mebeller bilen üpjün edilen ýatylýan hem-de myhman otaglary, degişli enjamlar ornaşdyrylan aşhana bar. Dynç alýanlar isleglerine görä, bu aşhanada nahar taýýarlap bilerler.

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов в понедельник, в первый день своего отпуска, принял участие в праздничном открытии очередного коттеджного комплекса в Авазе

Bu ýerde dynç alýanlar üçin SPA merkezi, restoran, karaoke-bar göz öňünde tutulan, açyk howada wagt geçirmek üçin bolsa – sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, üsti açyk suwda ýüzülýän howuz bar. Ýöne, esasy özüne çekiji – elbetde, deňizdir.

Şeýle hem döwlet Baştutany Hazaryň kenary boýunça gezelenç edip, bu ýerleriniň gurnalyşy hem-de dynç alýanlara, şol sanda sport bilen meşgullanmak üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026