HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy talyp wizalaryny resmileşdirip başlaýandygy barada habar berdi

Iýul 30, 2022 | 02:52 |13386
1-nji awgustdan Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýanyň ÝOM-niň dalaşgärlerine we talyplaryna talyp wizasyny resmileşdirmek üçin resminamalary kabul edip başlar. Bu barada RF-nyň diplomatik wekilligi öz resmi Telegram kanalynda habar berdi.1-nji awgustdan Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýanyň ÝOM-niň dalaşgärlerine we talyplaryna talyp wizasyny resmileşdirmek üçin resminamalary kabul edip başlar. Bu barada RF-nyň diplomatik wekilligi öz resmi Telegram kanalynda habar berdi.
Çeşme:

1-nji awgustdan Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýanyň ÝOM-niň dalaşgärlerine we talyplaryna talyp wizasyny resmileşdirmek üçin resminamalary kabul edip başlar. Bu barada RF-nyň diplomatik wekilligi öz resmi Telegram kanalynda habar berdi.

Habarda kabul edişligiň iş günleri nobat tertibinde duşenbeden anna günleri aralykda sagat 9.30-dan 13.00-a çenli geçiriljekdigi bellenilýär.

Dalaşgärler aşakdaky resminamalary öz ýany bilen getirmeli:

– Russiýanyň IIM-nden okuw wizasyny almak üçin çakylyk;
– Doldurylan suratly anketa;
– Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň we daşary ýurt pasportynyň göçürmesi we asyl nusgasy (halkara pasportyň möhleti çakylykda görkezilen wizanyň möhletiniň gutarýan senesinden 18 aýdan az bolmadyk möhletli);
– Rus diline terjime edilen WIÇ infeksiýasynyň ýoklugy barada kepilnama (kepilnamanyň möhleti 3 aý).

Ilçihana wizanyň ýedi iş gününiň dowamynda mugt resmileşdirilýändigini habar berýär. Gyssagly wiza üç iş gününiň dowamynda resmileşdirilýär, bahasy – 160 dollar. Töleg diňe nagt görnüşinde kabul edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026
Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

17:00 Oktýabr 16, 2026
ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

15:00 Oktýabr 16, 2026