HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: $42 milliondan gowrak karbamid eksporta ýerlenildi

Iýul 27, 2022 | 04:29 |9229
Duşenbe güni, 25-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $42,4 mln we 13,8 million manat bolan 27 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 25-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $42,4 mln we 13,8 million manat bolan 27 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 25-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $42,4 mln we 13,8 million manat bolan 27 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Singapuryň wekili söwdalarda “Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilen “B” görnüşli karbamidiň 150 müň tonnasyny satyn aldy. Harydyň bir tonnasy $283 bahalandyryldy. Geleşigiň umumy bahasy $42,4 mln. deň boldy.

Içerki bazarda ýerli işewürler umymy bahasy 1,9 million manat bolan Т60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 110 tonnasyny, şeýle hem 3,7 million manatlyk gyzdyrylan nebit koksunyň 1 müň tonnasyny we 4,2 million manatlyk jemleýji nebit koksunyň 2 müň tonnasyny satyn aldylar.

Şonuň bilen birlikde, türkmen telekeçileri umymy bahasy 3,8 million manat bolan dürli görnüşli nebit bitumynyň 2,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Şeýle hem içerki bazarda umumy bahasy 102,4 müň manat bolan elde dokalan türkmen halylaryny satyn almaga geleşikler baglaşyldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026