HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

Iýul 26, 2022 | 14:23 |13707
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewi doglan güni – 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewi doglan güni – 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewi doglan güni – 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady.

Türkmen Lideri şu mynasybetli gutlag hatynda “Özbegistanyň döwrüň wajyp meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýändigini hem-de köpsanly ýurtlar bilen açyk we oňyn gatnaşyklary saklaýandygyny” belledi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň hoşniýetli goňşuçylyk, hormat goýmak hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanan depginli we nitijeli aragatnaşyklary ýola goýuldy diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady. Özbegistan biziň ýakyn hem-de ygtybarly goňşymyzdyr diýlip, türkmen döwlet teleradio ýaýlymlarynyň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde beýan edilen gutlagda aýdylýar.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Özbegistana bolan ilkinji döwlet saparynyň barşynda geçirilen duşuşyklary we gepleşikleri hem-de gol çekilen resminamalaryň uly toplumyny agzap bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň halklaryň bähbidine ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynam bildirdi hem-de doglan güni bolan özbek kärdeşine saglyk, bagtyýarlyk we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi

Şeýle hem ýekşenbe güni türkmen Parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Halk maslahatynyň Başlygy Şawkat Mirziýoýewi 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de döwlet ara gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna Özbegistanyň Baştutanyň berýän aýratyn ünsüni we şahsy goşandyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda häzir türkmen-özbek söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigi, döwrüň umumy möhüm wezipeleriniň çözülmegine iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyn bolmagyna ýardam edýän parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigi bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026