HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda kiçi we orta kärhanalar üçin iş ýarmarkasy

Iýul 26, 2022 | 15:53 |6863
Aşgabatda kiçi we orta kärhanalar üçin iş ýarmarkasy geçiriler.Aşgabatda kiçi we orta kärhanalar üçin iş ýarmarkasy geçiriler.
Çeşme:

Hususy sektordaky iş teklipleri türkmen telekeçileri tarapyndan 9-njy awgustda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) binasynda geçiriljek iş ýarmarkasynda hödürlener.

Işe ýerleşmek isleýänleriň ýanynda pasporty we zähmet depderçesi bolmaly. Bu çärä gatnaşmak isleýän edara-kärhanalar boş ýerleriniň barlygy barada 1-nji awgusta çenli maglumat berip bilerler.

Iş ýarmarkasyny Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, TSTB we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy guraýar.

Goşmaça maglumatlary aşakdaky salgylardan we belgilerden almak mümkin:

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi (Seýitnazar Seýdi köçesi, 3j.) tel: 92-14-56;
Bagtyýarlyk etraby (Bekrewe, 2211-nji köçe, 25j.) tel: 37-46-68;
Berkararlyk etraby (Bekrewe, 2211-nji köçe, 25j.) tel: 37-46-67;
Büzmeýin etraby (Oguzhan köç., 8j.) tel: 33-12-69;
Köpetdag etraby (Seýitnazar Seýdi köç., 3j.) tel: 92-15-26;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy (S. Türkmenbaşy şaýoly, 81j.) tel: 22-74-07.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026