HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler

Iýul 22, 2022 | 05:37 |11006
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana geldi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana geldi.
Çeşme:

Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Çolpon-Ata şäherinde geçirilen maslahat duşuşygynyň netijesinde resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler. Bu barada ýerli KHBS-niň galamgärlerine Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew gürrüň berdi.

Resminamalaryň arasynda Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň liderleri tarapyndan gol çekilen Dostluk, goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk barada şertnama bar. Bu resminama soňra, içerki proseduralar gutarandan soň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet baştutanlary tarapyndan gol çekiler.

Gol çekilen beýleki resminamalaryň arasynda:

– Bilelikdäki jarnama,
– Halkara platformalarda özara gatnaşyk barada konsepsiýa,
– Merkezi Aziýa üçin "Ýaşyl gün tertibi" sebit maksatnamasy,
– 2022-2024-nji ýyllar üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýol kartasy bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026