HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Çolpon-Atada duşuşdylar

Iýul 21, 2022 | 19:34 |9122
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana geldi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana geldi.
Çeşme:

– Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Respublikanyň lideri Sadyr Japarow bilen Çolpon-Ata şäherinde duşuşdy – diýip, Gyrgyzystanyň döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda Sadyr Japarow Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň ýakyn dost we strategik hyzmatdaşdygyny, gyrgyz tarapynyň resmi Aşgabat bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegine we hil taýdan ösmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanandygy üçin Gyrgyzystan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Gyrgyzystan bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem, türkmen lideri şu gün Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň duşuşygynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine we çuňlaşmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026