HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-özbek gepleşiklerinde Amyderýa boýunça “taryhy” ylalaşyk we beýleki resminamalar kabul edildi

Iýul 15, 2022 | 03:20 |12620
Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy “Kuksaroý” kabulhanasynda geçirildi.Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy “Kuksaroý” kabulhanasynda geçirildi.
Çeşme:

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy “Kuksaroý” kabulhanasynda geçirildi.

Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Merziýoýew Bilelikdäki beýannama gol çekdiler, şonda esasy ylalaşyklar berkidildi hem-de iki ýurduň arasynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wezipeler kesgitlendi.

Şeýle hem döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň derejesinde resminamalaryň 19-syna gol çekildi.

Şol sanda dört ylalaşyk – ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda, başlangyçly ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini geçirmek hakynda ylalaşyklar bar. Şularyň hatarynda gepleşikleriň barşynda “taryhy” diýlip atlandyrylan Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we oýlanyşykly ulanmak hakynda ylalaşyk bar.

Şeýle hem taraplar bilelikdäki maksatnamalaryň üçüsine: 2022-2025-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we senagat taýdan bilelikdäki ösüş, 2022-2024-nji ýyllarda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hem-de iki ýurduň DIM-leriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamalaryna gol çekdiler.

Serhetýaka söwdasynyň özbek-türkmen zolagynyň – Söwda merkeziniň işini döretmek we düzgünleşdirmek hakynda hökümetara ylalaşygynyň düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy kabul edildi.

Şeýle hem himiýa pudagynda, gümrük meselelerinde, demir ýol gatnawy ulgamynda, tokaý hojalygynda, muzeý işinde, hukuk ulgamynda, ýaşlar syýasatynda, teleradio gepleşiklerini alyp görkezmekde we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026