HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ulag, suw, energetika – türkmen we özbek liderleriniň ylalaşan ugurlary

Iýul 15, 2022 | 01:47 |10210
Penşenbe güni Daşkentde ýokary derejede geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berildi.Penşenbe güni Daşkentde ýokary derejede geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berildi.
Çeşme:

Penşenbe güni Daşkentde ýokary derejede geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berildi. Geçen ýyl iki ýurduň arasynda ýük daşalyşynyň möçberiniň 17% ýokarlanandygy we bu ýagdaýyň saklanýandygy, iberilýän ýüklere berilýän özara ýeňillikleriň sebitiň üstaşyr geçirmek kuwwatyny netijeli ulanmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanlary Suw hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparynyň üstünlikli işini hem-de Amyderýa boýunça häzirki taryhy ylalaşyga gol çekilmegini bellediler, şol resminama sebitde suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny üpjün etmäge hyzmat eder.

Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýanyň, gazyň we nebit önümleriniň iberilmegi bilen birlikde, energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

На туркмено-узбекских переговорах в верхах, прошедших в четверг в Ташкенте, большое внимание было уделено развитию сотрудничества в сфере транспорта

Aşgabat hem özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy hem-de goňşy döwlet bilen senagat babatda bilelikde işlemegi maksat edinýär.

Türkmen Lideri oba senagat toplumyny, energetikany, himiýa we nebithimiýa senagatyny, maşyngurluşygyny, dokma we derman senagatyny özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde atlandyrdy.

“Işewür-jemgyýetçilikleriň arasynda hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Soňky ýyllarda serhetýaka aragatnaşyklar işjeňleşdirildi. Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine we giňeldilmegine umyt edýäris” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026