HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi

Iýul 02, 2022 | 00:49 |12826
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi. Moskwa täze gatnawlar ýola goýuldy.Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi. Moskwa täze gatnawlar ýola goýuldy.
Çeşme:

Iýul aýyndan başlap, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede dört gezege çenli köpeltdi – diýlip, awiakompaniýanyň RF-ndaky wekilliginiň saýtynda habar berilýär.

Uçuşlar Aşgabat Halkara howa menzilinden Moskwanyň Domodedowo howa menziline we Kazan Halkara howa menziline amala aşyrylar. Uçarlar yzyna Moskwadan Türkmenbaşy şäherine, Kazandan bolsa, Türkmenabat şäherine gaýdyp geler.

Aşgabat-Kazan-Türkmenabat uçar gatnawlary aşakdaky tertipde ýola goýular:

– Çarşenbe günleri Aşgabatdan ugraýan wagty - 14:55, Kazana gonýan wagty - 16:30; Kazandan uçýan wagty - 18:30, Türkmenabada gonýan wagty - 23:30.
– Ýekşenbe günleri Aşgabatdan ugraýan wagty - 20:30, Kazana gonýan wagty - 22:05; Kazandan uçýan wagty - 23:35, Türkmenabada gonýan wagty - 04:45.

Aşgabat-Moskwa-Türkmenbaşy uçar gatnawlarynyň tertibi:

– Sişenbe günleri Aşgabatdan 19:25-de ugrap, 21:15-de Moskwa gonar; 22:45-de Moskwadan uçup, 04:15-de Türkmenbaşy şäherine gonar.
– Penşenbe günleri Aşgabatdan 07:35-de ugrap, Moskwa 09:25-de geler; Moskwadan 10:55-de ugrap, 16:25-de Türkmenbaşy şäherine gonar.

Russiýadan uçuşlar üçin petekleri Sankt-Peterburgdaky “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Baş agentinden (8(812)4599899; el telefony +79119300080, poçta: avia@itmgroup.ru) ýa-da Moskwanyň Domodedowo howa menziliniň kassasynda satyn alyp bilersiňiz.

Ozal ORIENT “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň halkara gatnawlarynyň ýolagçylaryna Türkmenistandan gitmek we gelmek, şeýle-de üstaşyr geçmek üçin bildirilýän talaplary çap edipdi.

Halkara uçuşlaryny meýilleşdirýän ýolagçylara sapardan nämelere garaşmalydygy barada has giňişleýin maglumatlar barada şu salgydan okap bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026