HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Hazar boýunça ylalaşyklar üçin diplomatiýanyň ornuny güýçlendirmegi teklip etdi

Iýun 30, 2022 | 02:07 |10942
Hazarýaka döwletleriniň ýörite wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi bäş ýurduň döwlet edaralarynyň özara hereket etmegi üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.Hazarýaka döwletleriniň ýörite wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi bäş ýurduň döwlet edaralarynyň özara hereket etmegi üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Çeşme:

Hazarýaka döwletleriniň ýörite wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi bäş ýurduň döwlet edaralarynyň özara hereket etmegi üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ýagdaýlar 2018-nji ýylda Aktauda geçirilen mundan öňýandaky Sammitde kabul edilen teswirnamada beýan edildi.

Çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen VI Hazar Sammitinde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň bu guralynyň ygtyýarlygyny giňeltmek barada pikirini beýan edip, oňa pudaklaýyn ylalaşyklaryň işlenilip taýýarlanylmagyny utgaşdyrmagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Hazar deňzinde göni başlangyç ugurlary ýola goýmagyň usulyýeti baradaky ylalaşygyň üstünde işlemegi tamamlamagyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow bäştaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde iş maslahatlary yzygiderli geçirmek babatda pikirini aýtdy.

Döwlet Baştutany Hazarýaka ýurtlarynyň bilermenleri tarapyndan brakonýerçilige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, deňizde ýüzmegiň, gözlegleri alyp barmagyň we halas etmegiň howpsuzlygy babatda bilelikdäki resminamalary taýýarlmak işleriniň alnyp barylýandygyny belledi hem-de bu işlere gatnaşýanlaryň hemmesine minnetdarlyk aýtmak bilen, bu resminamalaryň üstünde işlemegiň ýakyn wagtda tamamlanjakdygyna umyt bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026