HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Putin Duşanbe şäherinden Aşgabat şäherine geler

Iýun 27, 2022 | 03:30 |10917
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, indiki hepdäniň başynda Türkmenistana Hazarýaka ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin gelmezden ozal, Täjigistana barar. Bu barada ýekşenbe güni “Moskwa. Kreml. Putin." gepleşiginde habar berdiler.Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, indiki hepdäniň başynda Türkmenistana Hazarýaka ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin gelmezden ozal, Täjigistana barar. Bu barada ýekşenbe güni “Moskwa. Kreml. Putin." gepleşiginde habar berdiler.
Çeşme:

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, indiki hepdäniň başynda Türkmenistana Hazarýaka ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin gelmezden ozal, Täjigistana barar. Bu barada ýekşenbe güni “Moskwa. Kreml. Putin." gepleşiginde habar berdiler.

– “Wladimir Putin Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen uly gepleşikler üçin Duşanbe uçar. Şöhbetdeşlik we günortanlyk nahary meýilleşdirilýär. Soňra Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Hazar sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana uçar " – diýlip, gepleşigiň saýtynda ýazylýar.

Russiýanyň habar beriş serişdeleriniň bellemegine görä, bu Donbassy goramak üçin ýörite harby operasiýa başlanaly bäri, Russiýa Federasiýasynyň lideriniň ilkinji daşary ýurt sapary bolar.

Aşgabat şäherine sapardan soň, 30-njy iýunda Putin Moskwada Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo bilen duşuşar. Onuň ýurdy 2022-nji ýylda “uly ýigrimilige” başlyklyk edýär we guramanyň sammitini geçirer. Ozal Putiniň G20 sammitine gatnaşmak üçin çakylygy kabul edendigi barada habar berildi. Şeýle çakylyk, Ukrainanyň G20-ä girmeýändigine garamazdan, onuň Prezidenti Wladimir Zelenskä-de gowşuryldy. Zelenskiý hem çakylygy kabul etdi – diýip, “Izwestiýa” gazeti ýazýar.

Widod Russiýa Federasiýasyndan we Ukrainadan bolan kärdeşleri bilen duşuşyklaryň çäginde Ukrainadaky ýagdaýy parahatçylykly çözmek meselesini gozgajakdygyny aýtdy. Aýtmagyna görä, ol iki lideri “gepleşik üçin ýer açmaga” çagyrmak isleýär – diýip, Gazeta.Ru belläp geçýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026