HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen küştçüsi "Dünýäniň şa zenany" boldy

Iýun 27, 2022 | 02:58 |24691
Şenbe güni “Queens Online” Bütindünýä küşt festiwalynyň jemleýji tapgyrynda türkmenistanly küştçi gyz Lala Şöhradowa ýeňiji boldy.Şenbe güni “Queens Online” Bütindünýä küşt festiwalynyň jemleýji tapgyrynda türkmenistanly küştçi gyz Lala Şöhradowa ýeňiji boldy.
Çeşme:

Şenbe güni “Queens Online” Bütindünýä küşt festiwalynyň jemleýji tapgyrynda türkmenistanly küştçi gyz Lala Şöhradowa ýeňiji boldy.

Lala ýaryşda eýýäm 8 tapgyrdan soň öňünden özüni ýeňiş bilen üpjün etdi, ol FIDE-niň reýtingi boýunça 1800 hem-de 1900 utuklary bolan B derejeli küştçüleriň gatnaşmagynda geçiren 9 partiýasynda jemi 7,5 utuk gazandy.

Lalanyň iň güýçli garşydaşy azerbaýjanly Aýsel Mammadowa ondan bir utuk yza galdy, üçünji ýeri bolsa ABŞ-nyň wekili Eşli Pang mümkin bolan 9 utukdan 6-sy bilen eýeledi.

Adatça, resmi onlaýn küşt ýaryşlarynyň netijesiniň, eminler toparynyň wideo we ses ýazgylaryny hem-de oýnalan partiýalaryň hemmesini düýpli seljermesi esasynda, bäsleşikden birnäçe gün soň yglan edilýändigini bellemelidiris. Munuň özi ýaryşa gatnaşýanlaryň ýörite küşt programmalaryny ulanmak mümkinçiligini aradan aýyrýar.

Туркменская шахматистка стала «Королевой мира»

Ýeňijileriň resmi taýdan yglan edilmeginden soň, ýeňiji diňe "Dünýäniň şa zenany" diýen adyň eýesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda Hindistanda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmaga hem hukuk gazanýar. Ýöne, Lala dünýäniň küşt jemgyýeti üçin möhüm waka bolup durýan bu çärä eýýäm Türkmenistanyň milli zenanlar toparynyň adyndan gatnaşmaga taýynlyk görýär.

Ýaryşyň ýeňijileri üçin ýene bir şanly sowgat – şu ýylyň güýzünde olar üçin meşhur zenan grossmeýsterler bilen mugt onlaýn okuw sapaklary geçiriler.

Şeýle hem, Türkmenistanyň ýygyndy topary 26-njy iýunda Aşgabat wagty sagat 17:00-da Bütindünýä zenanlar bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşar. Türkmen küştçi gelin-gyzlarynyň oýunlaryna göni ýaýlymda janköýerlik etmek bolar.

Туркменская шахматистка стала «Королевой мира»

Jemleýji tapgyrda Lala Şöhradowadan (B kategoriýa, reýting 1856) başga-da, Jemal Öwezdurdyýewa (A kategoriýa, 2061 reýting), Merýem Agajanowa (C kategoriýa, 1783 reýting) we Eneş Arazmedowa (D kategoriýa) Türkmenistana wekilçilik eder.

Ýaryşyň Aziýa tapgyrynda toparlaýyn sanawda Türkmenistan diňe Hytaýyň we Eýranyň adatça güýçli toparlaryny öňe geçirip we 20 sany ýygyndy topary yzda galdyryp, abraýly 3-nji orna eýe boldy.

Küştçi gelin-gyzlaryň arasynda yklym derejesindäki ýaryşlar tapgyry, şeýle hem Bütindünýä “Queens Online” ýaryşynyň jemleýji tapgyry Bütindünýä küşt federasiýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň “Küştdäki zenan ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýär.

“Şa zenanlary” festiwalynda oňa gatnaşýan türkmen küştçi gelin-gyzlarynyň esasy hemaýatkäri “Nur Ýüpek” kompaniýasydyr. Mundan başga-da, “Saraýan” kompaniýasy we Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasy hemaýatkär hökmünde ýardam berýär.

ORIENT Lala Şöhradowany, şeýle hem Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewi "şa" ýeňşi bilen gutlaýar!

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026