HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG “ýaşyl” tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana kömek bermäge taýýar

Iýun 25, 2022 | 00:03 |10545
Birleşen Milletler Guramasy we onuň Daşky gurşay goramak baradaky maksatnamasy (ÝUNEP) “ýaşyl” tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana kömek bermäge  hem-de ählumumy derejede energetika geçmegiň häzirki döwründe möhüm ähli ylmy maglumatlara elýeterliligi bermäge taýýardyr.Birleşen Milletler Guramasy we onuň Daşky gurşay goramak baradaky maksatnamasy (ÝUNEP) “ýaşyl” tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana kömek bermäge  hem-de ählumumy derejede energetika geçmegiň häzirki döwründe möhüm ähli ylmy maglumatlara elýeterliligi bermäge taýýardyr.
Çeşme:

Birleşen Milletler Guramasy we onuň Daşky gurşay goramak baradaky maksatnamasy (ÝUNEP) “ýaşyl” tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana kömek bermäge hem-de ählumumy derejede energetika geçmegiň häzirki döwründe möhüm ähli ylmy maglumatlara elýeterliligi bermäge taýýardyr.

Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabatda “Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiýa ugurlary” atly ylmy maslahatyň çäklerinde ORIENT-e beren interwýusynda aýtdy.

– Biz Türkmenistanyň metanyň bölünip çykmagyny ep-esli derejede azaldyp biljek tehnologiýalary bar diýip hasaplaýarys. Biziň maglumatlarymyza görä, eger şolar herekete girizilse, bölünip çykmalar 75% azalar, bu bolsa örän köpdür. Şoňa görä-de, biz üçin BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň dowam etmegi wajypdyr – diýip, Şlapaçenko aýtdy.

BMG-niň düzümleri resmi Aşgabadyň metanyň bölünip çykmagy bilen baglanyşykly meseleleri ileri tutulýan derejä çykarmagy hem-de olaryň garşysyna göreşjekdigi barada bir pikirde bolýar diýip, diplomat belledi.

Şlapaçenko Aşgabatdaky şu ekologiýa maslahatynyň guramaçylgy baradaky meselä degip geçip, onuň ýokary derejede geçendigini we üstünlikli bolandygyny nygtady.

– Şeýle çäräniň geçirilmegi, umuman, ekologiýa meselelerinde we hususan-da, metanyň bölünip çykmagy babatda Türkmenistanyň BMG hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen örän açyk işleýändigine şaýatlyk edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026