OGT 2022: gün tertibiniň ekologiýa ugrunyň giň gerimi we ýerli çemeleşmeler


Türkmenistan – OGT-2022 her ýylky nebitgaz forumynyň täze neşiri “Uglewodorod serişdelerini almagyň ekologiýa ugurlary” diýen at bilen çapdan çykýar.
Penşenbe güni, 23-nji iýunda Aşgabat hökümet edaralaryndan ýolbaşçylary, energetika ulgamynyň işewürlerini we bilermenlerini iş alnyp barylýan çäklerde dessine bolmasa-da, düýpli üýtgeýän syýasaty, strategiýalary we usullary ara alyp maslahatlaşmak üçin ýene-de bir ýere jemleýär. Maslahatlaşmalara halkara guramalaryň, akademiki we diplomatik toparlaryň wekilleri, ekologlar we maýadarlar, maliýeçiler we barlag geçirijiler, seljerijiler we täzeçillikli hünärmenler çagyryldy.
OGT-de “ýaşyl öwrüm”, elbetde, dessine bolmady, onuň ozalky goýberilişleri bu meseläni dürli taraplar boýunça, eýýäm, görkezdiler, ýöne, bu gezek ol hut täze eýýamyň energetikasyna geçmek babatda uly ähmiýet berilýän mesele boldy.
“Geçmegiň” esasy guramaçylyk pursatlary hem-de onuň möhüm tapgyrlary forumyň iş maksatnamasy boýunça mejlisleriniň temalarynda bellenildi.
Forumyň işi uglewodorodlaryň we ekologiýanyň özara baglanyşygynda guralýandygy sebäpli, hasabatlaryň hem-de tanyşdyrmalaryň köpüsi täzeçe çemeleşmeleriň we tehnologiýalaryň hasabyna häzir hem-de geljekde energiýa üpjünçiligi babatda ählumumy meselelere degişli jogap tapmaga bagtyşlanar.
Utgaşykly görnüşde geçiriljek şu gezekki Aşgabat forumyna gatnaşmaga dürli ýurtlardan 100-den gowrak adamlaryň gatnaşjakdygy bellige alyndy we dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalaryna hem-de dürli halkara institutlaryna wekilçilik edýän adamlaryň 30-dan gowragynyň çykyş etmegine garaşylýar.
Olaryň hatarynda: Halkara energetika agentligi, Metanyň bölünip çykmagy boýunça halkara obserwatoriýasy, OPEK, BMG ESKATO, BMGÖM, ÝHHG, SPE we beýlekiler bar.
Türkmenistandan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, DIM, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmengaz”-yň YBI we “Türkmennebit”-iň YBI, Energetika ministrligi we “Türkmenenergo” Döwlet korporasiýasynyň gaýatadan dikeldilýän energetikany ösdürmek baradaky gulluk bilen birlikde, ençeme ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralar gatnaşarlar.
Gatnaşjak halkara kompaniýalaryň hatarynda GaffneyCline, Honeywell, Schlumberger, Vitol, Sojitz, Petronas, Dragon Oil, Shell, Itochu, Mitsubishi, Bouygues kompaniýalary we beýlekiler bolar.
Mundan başga-da, Ýewropanyň Abatalýyş we ösüş bankynyň, Oksfordyň Energetika barlaglar institutnyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň gatnaşjakdygy bellige alyndy.
Çäräni beýan etmäge daşary ýurtlaryň agentlikleri hem isleg bildirdiler, olaryň hatarynda RIA Nowosti, Reuters, TRT, Associated Press, France-Presse, Interfaks, Trend, Mir 24, Rossiýa 1 teleýaýlymy we beýlekiler bar.
ORIENT news








