Hazarýaka bäş döwletiň Prezidentleriniň duşuşygy Aşgabatda 29-njy iýunda geçiriler


Aşgabatda 29-njy iýunda VI Hazarýaka sammitini geçirmek meýilleşdirildi. Onuň öňýanynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň iş maslahaty (DIMM) bolar. Şonda bäş ýurduň diplomatlary Liderleriň duşuşygynyň gün tertibini ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşarlar.
RF-niň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa türkmen paýtagtynda Sergeý Lawrowyň çarşenbe güni DIMM-na gatnaşmagy barada aýtdy.
Ol brifingde ministrleriň ozalky şunuň ýaly duşuşygynyň Gazagystanyň Aktau şäherinde 2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda, V Hazar sammitiniň öňýanynda geçirilendigini belledi, şonda taryhy resminama – Hazar deňziniň Hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi.
Aşgabatdaky DIMM-de Hazarda hyzmatdaşlyk edilişine syn bermek hem-de Hazar “bäşliginiň” Prezidentleriniň bojak duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde mundan beýläk-de özara hereket etmegiň geljekki mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
ORIENT news








