Ahalyň täze dolandyryş merkezinde elektrotaksi ulanmak meýilleşdirilýär


Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde elektrobuslaryň we elektrik togunda işleýän taksileriň hyzmatyny ýola goýmak zerurdyr. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşan iş saparynda bu meseläni öňe sürdi.
– Döwlet baştutany daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gorap saklamagyň wajypdygyny belläp, ulaglaryň täze görnüşlerine sürüjileri hem-de olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady – diýip, resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamanyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşyp, dolandyryş merkeziniň gurluşygynda “akylly şäher” sanly ulgam kadalarynyň ulanylmagyna ünsi çekdi.
Mundan öň, ýagny geçen ýylyň dekabr aýynda ”Камаз”elektrobuslaryny synag üçin Türkmenistana ibermegi meýilleşdirýändigini kompaniýanyň Baş direktory Sergeý Kogogin aýdypdy.
Türkmenistanyň ulagyň ekologik taýdan amatly bu görnüşini satyn almagy göz öňünde tutýandygy barada 2021-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikleriň netijesi boýunça habar berilipdi.
ORIENT news








