HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Lebapda täze gaz ýygnaýjy desgany açdy

Iýun 20, 2022 | 16:35 |16728
Prezident Serdar Berdimuhamedow hepdäniň şenbe güni Lebap welaýatyna sapary amala aşyrdy. Ol ýerde täze gaz ýygnaýjy desgany açmazdan öň, daýhanlar bilen duşuşdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow hepdäniň şenbe güni Lebap welaýatyna sapary amala aşyrdy. Ol ýerde täze gaz ýygnaýjy desgany açmazdan öň, daýhanlar bilen duşuşdy.
Çeşme:

Prezident Serdar Berdimuhamedow hepdäniň şenbe güni Lebap welaýatyna sapary amala aşyrdy. Ol ýerde täze gaz ýygnaýjy desgany açmazdan öň, daýhanlar bilen duşuşdy.

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelen döwlet baştutanyna Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew Darganata etrabynyň gallaçylarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri barada habar berdi.

Prezident howa menzilinden ekerançylyk hojalyklaryna tarap ugrady. Serdar Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginde kärendeçi Azat Joraýewiň ekin meýdanyna geldi.

Президент Туркменистана в Лебапе

Ekerançy bilen söhbetdeşlikde Prezident iş şertleri, gündelik aladalary bilen gyzyklandy. Gallaçy daýhan 16 ýyl bäri kärendeçilik usulynda işleýändigini, häzirki wagtda 10 gektar meýdanyň her gektaryndan 50 sentner hasyla garaşýandygyny aýtdy.

Президент Туркменистана в Лебапе

Ol döwlet baştutanyndan öz kärende ýerinde ýetişdiren bugdaýyny ormaga ak pata bermegini haýyş etdi. Prezident “Bismilla” diýip, bugdaýyň bir dessesini ordy. Dessine kuwwatly tehnikalar – CLAAS we John Deere kysymly kombaýnlar işe girişdiler.

Президент Туркменистана в Лебапе

Prezident ýerli ekerançylaryň öndürýän oba hojalyk öňümleriniň sergisi bilen tanyşdy, täze hasylyň unundan bişirilen çörekden dadyp gördi, soňra Farap etrabynda gurlan “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekede tarap ugrady.

Президент Туркменистана в Лебапе

Bu ýerde ýurduň ýolbaşçy düzüminiň we CNPC kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda gaz senagatynyň täze desgasynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu taslama CNPC kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyryldy.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Serdar Berdimuhamedow ýurduň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň möhüm binýady bolup durýandygyny belledi. Gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan uglewodorod serişdeleri bilen daşarky bazarlary esasy üpjün edijileriň biridir.

Президент Туркменистана в Лебапе

Döwlet baştutany bu ulgamda HHR bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Ýylda 55 milliard kub metr gazy geçirmäge mümkinçilik berýän Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi muňa aýdyň mysaldyr.

Onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizileninden bäri, Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz iberildi. Geljekde onuň 4-nji şahasyny gurmak bilen gaz geçirijiniň kuwwatyny ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Президент Туркменистана в Лебапе

Täze gurlan “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekedi Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän we HHR ugradylýan türkmen gazynyň çig mal çeşmesi bolup durýan “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň “Kiştiwan”, “Günbatar Kiştiwan”, “Gadyn”, “Eljik” we “Gündogar Eljik” känlerinden tebigy gazyň gije-gündizde 5,5 million kub metrini ýygnar.

Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp, önümçiligi işe girizdi.

Президент Туркменистана в Лебапе

Wideoşekiller arkaly dabara gatnaşyjylara 200 orunlyk iş ýeri döredilen täze bekediň işi görkezildi.

Soňra Prezident wideoaragatnaşyk arkaly Üçajy-Zergär gaz geçirijisiniň ulanyşa goýberilmegine ak pata berdi. Bu ýerden gaz welaýatyň ýaşaýjylaryny üpjün etmek üçin Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik bekedine ugradylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026