Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Barselona» düzüminde türkmen futbolçysy çykyş eden topary ýeňip bilmedi

Iýun 14, 2022 | 06:20 |14491
Habar beriş serişdelerinde şu ýylyň tomsunda ABŞ-da «Real» bilen «Barselonanyň» duşuşjakdygy hakynda habar peýda boldy. «El-klasiko» 29-njy iýulda Maýaminiň «Hard Rok-stedium» stadionynda geçiriler. «Barselona» bilen «Realyň» 1991-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýoldaşlyk duşuşygynda ýüzbe-ýüz bolýandygy gyzyklydyr.Habar beriş serişdelerinde şu ýylyň tomsunda ABŞ-da «Real» bilen «Barselonanyň» duşuşjakdygy hakynda habar peýda boldy. «El-klasiko» 29-njy iýulda Maýaminiň «Hard Rok-stedium» stadionynda geçiriler. «Barselona» bilen «Realyň» 1991-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýoldaşlyk duşuşygynda ýüzbe-ýüz bolýandygy gyzyklydyr.
Çeşme:

Habar beriş serişdelerinde şu ýylyň tomsunda ABŞ-da «Real» bilen «Barselonanyň» duşuşjakdygy hakynda habar peýda boldy. «El-klasiko» 29-njy iýulda Maýaminiň «Hard Rok-stedium» stadionynda geçiriler. «Barselona» bilen «Realyň» 1991-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýoldaşlyk duşuşygynda ýüzbe-ýüz bolýandygy gyzyklydyr. Ýöne has gyzykly bir maglumatam bar. Ol bolsa bir gezek türkmen futbolçysynyň «Barselonanyň» garşysyna meýdança çykanlygydyr. Biz şu gün şol futbolçy, ýagny Goçguly Goçgulyýew hakynda gürrüň bereris.

Из истории футбола

Özbegistanyň 7 sapar çempiony

Türkmen futbolynyň baýdakgöterijisi hasaplanan «Köpetdagyň» goragçysy hökmünde meýdança çykýan wagtlary Goçguly Goçgulyýewe Gazagystandan çakylyk gelýär. 2001-nji ýylda Gazagystanyň «Irtyşynda» çykyş edýär. 2002-nji ýyldan Daşkendiň «Pahtakorynyň» düzüminde Özbegistanyň çempionatyndaky ilkinji ädimlerini ädip başlaýar. Bu ýerde 4 sapar (2002, 2003, 2004, 2005) Özbegistanyň çempiony bolansoň, 2006-njy ýylda Gazagystanyň «Kaýratyna» geçýär. Gazagystanyň çempionatynyň birinji ýarymynda oýnap, 2007-nji ýyldaky möwsümiň ikinji aýlawynda Özbegistana gaýdyp gelýär. Bu ýerde 2010-njy ýyla çenli çykyş edip, «Bunýodkor» bilen ýene-de 3 gezek (2008, 2009, 2010) Özbegistanyň çempionatynyň altyn medalyna mynasyp bolýar.

Из истории футбола

Dünýä çempiony bilen bir toparda

Goçguly Goçgulyýewe türkmen futbolçylarynyň arasynda ilkinji bolup, dünýä çempiony bilen bir toparda oýnamak bagty miýesser etdi. Ykbal ony 1999-njy ýylda «Altyn pökgi» baýragyna, 2002-nji ýylda Braziliýanyň düzüminde dünýä çempiony bolan Riwaldo bilen duşurdy. Goçguly «Bunýodkorda» oýnaýan mahaly meşhur Riwaldo Gresiýanyň AEK toparyndan Özbegistanyň klubyna geçipdi. Olaryň ikisi-de «Bunýodkorda» 3 sapar Özbegistanyň çempiony boldular.

Из истории футбола

«Barselona» bilen duşuşyk

2009-njy ýylyň fewralynda «Bunýodkor» Barselona şäherinde okuw-türgenleşik işlerini geçirdi. Onuň dowamynda bolsa daşkentliler Ispaniýanyň çempionatynyň öňdebaryjy klublarynyň biri hasaplanýan «Barselona» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Özbegistanyň çempionynyň Ýewropanyň öňdebaryjy topary bilen guran duşuşygy «Barselonanyň» ikinji stadiony «Miniestadide» oýnaldy. Şol taryhy duşuşykda «Bunýodkoryň» ýolbaşçylary duşuşygyň her ýarymynda aýratyn alnan düzümi meýdança goýbermek bilen ähli futbolçylaryna meşhur toparyň garşysyna meýdança çykmaga mümkinçilik döretdi. «Bunýodkoryň» türkmenistanly legioneri esasy düzüm bilen birlikde duşuşygyň birinji ýarymynda meýdança çykdy. Şol oýun bolsa 1:1 hasabynda deňme-deňlikde tamamlandy.

Из истории футбола

Hojaberdi APBAÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026