Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň raýdaşlygy barada
Iýun 11, 2022 | 05:53 |19345


Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasyna saparynyň netijeleri boýunça metbugat maslahatynyň barşynda hemmeler üçin çylşyrymly döwürde sanjymlaryň, derman we lukmançylyk serişdeleriniň iberilmegi baradaky haýyşa dessine seslenendikleri üçin Wladimir Putine minnetdarlyk bildirdi.
– Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşiň barşynda Türkmenistan we Russiýa raýdaşlygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler – diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Geçen ýyl türkmen tarapyna “Sputnik V” sanjymynyň 330 müň toplumy, şu ýylyň ýanwar aýynda “Sputnik Laýt” sanjymynyň 800 müňüsi iberildi, şolaryň 300 müňüsi muzdsuz esasyndadyr.
ORIENT news








