HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-rus gepleşiklerinde energetika aýratyn üns berildi

Iýun 11, 2022 | 05:47 |12576
Hepdäniň anna güni Kremlde iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama syýasy, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda, howpsuzlyk ulgamynda, şol sanda biologiki we maglumat howpsuzlygy ulgamlarynda bilelikdäki işiň geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi – diýip, Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat üçin eden çykyşynda resminamanyň düýp mazmunyny häsiýetlendirdi.Hepdäniň anna güni Kremlde iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama syýasy, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda, howpsuzlyk ulgamynda, şol sanda biologiki we maglumat howpsuzlygy ulgamlarynda bilelikdäki işiň geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi – diýip, Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat üçin eden çykyşynda resminamanyň düýp mazmunyny häsiýetlendirdi.
Çeşme:

– Hepdäniň anna güni Kremlde iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama syýasy, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda, howpsuzlyk ulgamynda, şol sanda biologiki we maglumat howpsuzlygy ulgamlarynda bilelikdäki işiň geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi – diýip, Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat üçin eden çykyşynda resminamanyň düýp mazmunyny häsiýetlendirdi.

Russiýa Federasiýasynyň baştutany “şu gün gepleşiklerde aýratyn üns berlen” energetika ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan gaz eksportyny guramakda “Türkmengaz” bilen hyzmatdaşlyk edýän “Gazpromy”, Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge operator hökmünde gatnaşmak barada gepleşikleri alyp barýan “LUKOÝL-y”, Türkmenistandaky nebit skwažinalaryny abatlamak we hyzmat etmek bilen meşgullanýan “Tatnefti” agzap geçdi.

Putiniň aýtmagyna görä, Russiýanyň başga-da “Inter RAO”, “Silowyýe maşiny” iri energetiki kompaniýalary Türkmenistandaky taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär.

– Gürrüň elektrik beketlerini döwrebaplaşdyrmak we täze beketleri gurmak, şol sanda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak arkaly; ýokary woltly elektrik geçiriji liniýalary çekmek, elektrik energiýasyny üstaşyr geçirmek we eksporta ugratmak barada barýar – diýip, Russiýanyň Prezidenti nygtap geçdi.

Beýleki pudaklarda bilelikde amala aşyrylýan iri taslamalaryň arasynda Wladimir Putin Türkmenistan üçin gurlan deňiz gämilerini, teplowozlary, “KAMAZ” üpjünçiligini, Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň alyp barýan işini ýatladyp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026