HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň bahasy ýene-de artdy

Iýun 11, 2022 | 02:57 |10322
Penşenbe güni, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $82,5 million we 937 müň manat bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $82,5 million we 937 müň manat bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $82,5 million we 937 müň manat bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri 80 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn aldylar. Onuň bahasy ozalky söwdanyňky bilen deňeşdirilende, 3,8% artdy hem-de bir tonnasynyň bahasy $1 028 deň boldy. Tebigy gazdan öndürilen benzin boýunça geleşikleriň umumy bahasy 82,2 milliona barabar boldy.

Gyrgyzystanyň işewüri umumy bahasy $297,4 müň bolan nah ýüplügiň 88 müň tonnasyny satyn almaga geleşik baglaşdy. Manat serişdelerine BAE-niň wekili 22 müň tonna nah ýüplük satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 937,5 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (27-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026