HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti RF-na saparynyň netijelerine ýokary baha berdi

Iýun 11, 2022 | 02:21 |17076
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň netijelerine ýokary baha berdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň netijelerine ýokary baha berdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň netijelerine ýokary baha berdi. Türkmen Lideri bu barada metbugat üçin beýanatda, hususan-da, şeýle diýdi:

– Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz barada aýtmak bilen, olaryň yzygiderli we depginli ösýändigini nygtamak isleýärin.

Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar barha ösdürilýär. Olaryň tapawutly aýratynlygy deňhukuklylykdan, özara hormat goýmakdan, açyklykdan we ynanyşmakdan, iki halkyň we döwletiň arasyndaky dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagynyň möhümdigine özara düşünişilmeginden ybaratdyr.

Biziň döwletlerimiz özara söwdanyň, maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly ulgamlarda hem-de birnäçe beýleki ugurlarda taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedir.

Soňky wagtlarda biziň medeniýet, ylym, ynsanperwer we bilim ulgamlarynda aragatnaşyklarymyz ep-esli işjeňleşdirildi. Döwletleriň ikisi-de bu işlere ählitaraplaýyn goldaw berýärler, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna barha artýan özara islegi kanagatlandyrmak üçin zerur şertleri döredip, bu ugurlarda giň gatnaşyklara itergi berýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026