HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky resminamalary taýýarlaýarlar

Iýun 10, 2022 | 19:02 |11324
Türkmenistan  we Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky resminamalary gol çekmäge taýýarlaýarlar. Resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna boljak ilkinji resmi saparynyň dowamynda gol çekiler – diýip, Russiýa Federasiýasynyň habarynda bellenilýär.Türkmenistan  we Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky resminamalary gol çekmäge taýýarlaýarlar. Resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna boljak ilkinji resmi saparynyň dowamynda gol çekiler – diýip, Russiýa Federasiýasynyň habarynda bellenilýär.
Çeşme:

– Türkmenistan we Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky resminamalary gol çekmäge taýýarlaýarlar. Resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna boljak ilkinji resmi saparynyň dowamynda gol çekiler – diýip, Russiýa Federasiýasynyň habarynda bellenilýär.

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň öňýanynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak Türkmenistanyň wise-premýeri Şahym Abdyrahmanow bilen duşuşyk geçirdi.

– Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrmak baradaky karary Aşgabadyň Moskwa bilen gatnaşyklaryny berkitmek ugruny dowam etdirjekdigini tassyklaýar – diýip, Aleksandr Nowak duşuşygyň dowamynda aýtdy.

Туркменистан и Россия готовят к подписанию документы о торгово-экономическом сотрудничестве

Russiýanyň wise-premýeri iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlykda ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny belläp geçdi.

– Ýangyç-energetika toplumy biziň söwda-ykdysady dolanyşygymyzda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlary bar, bu ugurda “Gazprom” “Türkmengaz” bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyndan türkmen gazyny satyn almak we satmak barada şertnama baglaşyldy. Mundan başga-da, Russiýa türkmen nebitini daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär, nebit pudagynda özara gatnaşyklar dowam etdirilýär, Türkmenistandaky energiýa desgalarynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barýar – diýip, Aleksandr Nowak aýtdy.

Şeýle-de, Russiýa bilen Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça ýük akymlaryny artdyrmaga giň mümkinçilikleri bar. Russiýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň demirýol liniýalaryny elektrikleşdirmek, demirýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak taslamalaryna gatnaşmak meselesiniň üstünde şu wagtdan türkmen kärdeşleri bilen işleýärler.

– Bilelikdäki tagallalarymyz bilen üstaşyr ýükleri çekmek meselesini çözeris, umuman aýdanymyzda, Türkmenistanyň üstaşyr geçelge hökmünde ähli mümkinçiliklerini iş ýüzüne geçireris – diýip, Nowak belledi.

Aleksandr Nowak 25-nji Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetine çakylyk ugratdy, şeýle hem türkmen tarapyny şu ýylyň güýzüne meýilleşdirilen ikinji Hazar ykdysady forumyna we Russiýanyň energetika forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026