HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşy şäheriniň doganlaşan rus şäheri peýda boldy

Iýun 10, 2022 | 19:52 |12676
Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň wise-gubernatory hem-de hökümetiniň başlygy Oleg Knýazew bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri Astrahan oblasty (RF) bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga, Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky doganlaşan şäherler hakynda ylalaşyga, bilim ulgamyndaky ylalaşyga gol çekilmeginden ybarat boldy.Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň wise-gubernatory hem-de hökümetiniň başlygy Oleg Knýazew bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri Astrahan oblasty (RF) bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga, Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky doganlaşan şäherler hakynda ylalaşyga, bilim ulgamyndaky ylalaşyga gol çekilmeginden ybarat boldy.
Çeşme:

Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň wise-gubernatory hem-de hökümetiniň başlygy Oleg Knýazew bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri Astrahan oblasty (RF) bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga, Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky doganlaşan şäherler hakynda ylalaşyga, bilim ulgamyndaky ylalaşyga gol çekilmeginden ybarat boldy.

Rus tarapyndan gepleşiklere, şeýle hem “Astrahan şäheri” munisipal bilim edarasynyň ýolbaşçysy Oleg Polumordwinow, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow, Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektory Konstantin Markelow garnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan Astrahan oblastynyň we Balkan welaýatynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geriminiň örän giň bolup biljekdigi bellenildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, deňiz ulag gatnawlaryny ösdürmek, gämi gurluşygy, syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykdyr.

Eýýäm ýokarda agzalan bilim babatdaky ylalaşyga W.N.tatişşew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektory Konstantin Markelow we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa gol çekdiler. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, akademiki alyşmalar, hünär ýokarlandyryş okuwlaryny guramak, bilim maksatnamalaryny işläp düzmek we amala aşyrmak, ikitaraplaýyn diplomlary bermek barada ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

22:40 Oktýabr 06, 2026
ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

22:30 Oktýabr 06, 2026
Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

22:00 Oktýabr 06, 2026