HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Hazaryň suwunyň süýjedilip Aşgabada berilmek mümkinçiligi öwrenilýär

Iýun 09, 2022 | 17:00 |26739
Prezident Serdar Berdimuhamedow suw süýjediji desgalary gurmak we Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow suw süýjediji desgalary gurmak we Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.
Çeşme:

Prezident Serdar Berdimuhamedow suw süýjediji desgalary gurmak we Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Hepdäniň çarşenbe güni döwlet baştutanynyň oba hojalygyndaky ýagdaý we suw meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda wise-premýer Annageldi Ýazmyradowa bu babatda degişli tabşyryk berildi.

Şeýle-de, Prezident Ýazmyradowyň ýolbaşçylygynda düzümine Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ýokary gözegçilik edarasynyň, ylmy institytlaryň, welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary girýän hökümet toparyny döretmek barada görkezme berdi.

Serdar Berdimuhamedow Amyderýanyň, Garagum derýasynyň hanalarynyň dolup akmagyna böwet bolýan päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin barlaglary geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we kanallary, suw akymlaryny arassalamak we betonlamak barada görkezme berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026